logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Täze kitap bilen tanyşdyryldy
  27.12.2020
717
Täze kitap bilen tanyşdyryldy

     Ýakynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Ahal welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara  edara-kärhanalaryň işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy.

     Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby oňyň Bitaraplyk taglymatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde möhüm ähmiyete eýedir.  Onda milli Liderimiziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer jähetleri we bu ugurda toplanylan gymmatly tejribe giňden açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyzyň häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolýandygyna kitaby okan her bir adam uly buýsanç bilen göz ýetirýär.

       Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly geçmişini, döredijilikli şu gününi we nurana geljegini şöhlelendirýän ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.