logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Täze kitap bilen tanyşdyryldy
  10.08.2022
820
Täze kitap bilen tanyşdyryldy

Ahal welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we okyjylaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen dabarada elimize gowşan täze neşiriň baý many-mazmuny dogrusynda söhbet açyldy.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli kitaplaryň her biriniň kitaphanalaryň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydygyny, «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabyň nobatdaky jildiniň şol gymmatlyklaryň üstüni ýetirip, kitap gaznasyny has-da baýlaşdyrandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Gurbangözel MUHAMMETMYRADOWA,

Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.