logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Täze kitap çapdan çykdy
  17.06.2023
669
Täze kitap çapdan çykdy

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli guralan dabaranyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, ol ýerde «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň çapdan çykandygy barada aýtdy.  

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.

Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. 

Täze kitap aşakdaky bölümlerden ybarat: 

- «Gurplulygyň öz şertleri bar» 
- «Beren eliň berekedi artar» 
- «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk» 
- «Hossarlyk — öçmez umyt» 
- «Howandarlyk jebisligi döredýär» 

Ýeri gelende belläp geçsek, Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär.

Täze kitabyň sahypalarynda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär. Ýokary çaphana usulynda neşir edilen täze kitabyň sahypalaryny bezeýän köp sanly reňkli fotosuratlar gaznanyň işi barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berýär hem-de kitabyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu neşirde halkymyzyň nesillerden-nesillere geçip gelýän gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.