logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Täze okuw ýyly – täze bilim desgalary
  31.08.2025
3067
Täze okuw ýyly – täze bilim desgalary

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe döwrebap bilim desgasy ulanylmaga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary welaýatynda bolsa Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasy açylar. Şeýle-de paýtagtda we welaýatlarda täze mekdepler hem-de çagalar baglary ulanyşa giriziler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesli döwrebap bilim we terbiýe bilen üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bilim işgärlerini, talyplary we okuwçylary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, olaryň okuwda hem-de geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Akmyrat ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.