logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görülýär
  17.08.2022
815
Täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görülýär

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem täze okuw ýylyna taýýarlykly barylýar. Etrabyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýeňil abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, bilim ojaklarynda zähmet ýoluna başlajak ýaş hünärmenler bilen duşuşygyň geçirilip, iş ýerleri bilen tanyşdyrylmagy, ilkinji gezek ak mekdeplere gadam basjak 6 ýaşly çagalaryň hasaba alynmagy, şeýle-de bilim işgärleriniň awgust maslahatyna ykjam taýýarlygyň görülmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Ýakyn günlerde etrabyň 23-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwlar geçiriler. Şeýle-de geçiriljek awgust maslahatynda bilim işgärleri 2021—2022-nji okuw ýylynyň netijeleri, 2022—2023-nji okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli işler, okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň we bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň meseleleri boýunça gürrüň ederler, öňdebaryjy tejribeler boýunça özara pikir alşarlar.

 

Etrap boýunça 2022—2023-nji okuw ýylynda çagalaryň 2250-den gowragy 1-nji synpa okuwa geler. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap gelen ýaş hünärmenleriň 53-si, şol sanda ýokary bilimlileriň 28-si, ýörite orta bilimlileriň 23-si täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlasly zähmet çeker.