logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Täze şäherdäki täze teatr Aman Gulmämmedowyň adyny göterýär
  09.02.2023
1304
Täze şäherdäki täze teatr Aman Gulmämmedowyň adyny göterýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheriniň merkezinde ýerleşýän döwlet drama teatrynyň ajaýyp binasy türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujy, ýurdumyzda giňden tanalýan meşhur artist, dramaturg we režissýor Aman Gulmämmedowyň adyny göterer.

Aman Gulmämmedowyň ady onuň tebigy zehini we ägirt uly zähmeti netijesinde milli teatryň we kinonyň taryhyna girdi. Ol 1908-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgynkäriz obasynda dünýä inýär. Döredijilige bolan höwesi ýetginjek ýyllarynda oýanýar.

Geljekki aktýor Aşgabadyň Gündogar sungatlary mekdebini tamamlady. Paýtagtyň aragatnaşyk ýollary mehaniki mekdebinde okap, çeper höwesjeňler gurnagynyň oýunlaryna gatnaşdy. Bilimini Türkmen teatr studiýasynda dowam etdirdi, ony tamamlandan soň, ýurdumyzyň ilkinji milli drama teatrynyň toparyna goşuldy.

Ajaýyp sahna keşplerini döreden Aman Gulmämmedow, döredýän keşpleri bilen haýran galdyrýardy. Ol teatr sahnasynda Şekspiriň gahrymanlarynyň, türkmen we rus edebiýatynyň gahrymanlarynyň keşplerini ýerine ýetirýärdi. Ekranda bolsa «Uzakdaky gelinlik», «Dursun», «Çopan ogly» we başga filmler boýunça ýatda galypdy.

Döredijilik işinde ol adaty artistlikden Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň baş režissýoryna we müdirine çenli ýoly geçdi. Tomaşaçylaryň beren ýokary bahasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy ýaly köp sanly baýrak Aman Gulmämmedowyň çuňňur zehinine şaýatlyk edýär.

Onuň «Milli kinonyň altyn gaznasyny» düzýän film eserlerinden häzirki ýaş artistler sapak alýarlar. Nesiller arasyndaky halypa-şägirtlik däbi watançylyk, estetik we ahlak terbiýesiniň möhüm wezipesini ýerine ýetirýän türkmen teatrynyň we kinosynyň iň oňat däpleriniň dowamy bolmak bilen geçmişiň, şu günüň we geljegiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygy alamatlandyrýar.

Täze teatryň açylmagy döredijilik toparlary üçin ajaýyp sowgat we milli sungatyň ösüşinde ýene bir möhüm ädim bolar. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.