logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Täze şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
  28.12.2022
974
Täze şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

27-nji dekabrda, Aşgabat şäher häkimliginiň meşlisler jaýynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň başynda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda «Dowam bolsun!» atly täze döreden ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat eden Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar we hoşallyk sözleri beýan edildi.

Täze, döwrebap şäher Türkmenistanyň at gazanan arhitektory — Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalarynyň, gurluşyk we binagärlik babatda ýiti zehininiň, şähergurluşyk işinde toplan baý tejribesiniň, ýerli gurluşykçylaryň çeken yhlasly zähmetiniň ajaýyp miwesidir.

Täsinliklere baý täze şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de bu ýerde gurlan ylym-bilim, saglyk we medeni maksatly desgalara taryhda öçmejek yz goýan görnükli şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Döwrüň belent ruhy siňen ak şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagyna, Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden goşgusyna, şeýle-de taryhy şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpa mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözleri hem-de päk arzuwly çykyşlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.