logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Täze taryhy eýýamda demokratik ýörelgeler barha dabaralanýar
  04.04.2023
900
Täze taryhy eýýamda demokratik ýörelgeler barha dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan Watanymyz ak ertirlere sary ynamly öňe barýar, ähli ugurlar babatda ösüşlere beslenýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň taryhy wakalara beslenýän ajaýyp günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary möhüm waka boldy. Häzirki wagtda demokratik ýörelgeler has-da dabaralanýar, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işi barha kämilleşdirilýär. Döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilip, oňa gadymy asylly ýörelgeler nukdaýnazaryndan seredilmegi guwandyryjydyr. Ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary baýramçylyk ruhunda geçirilmegi döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ýörelgeleri yzygiderli pugtalandyrmagyň, saýlawlaryň halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän däplerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky täze ädimdir. Ýurdumyzda her bir raýatyň öz konstitusion hukugyndan peýdalanmak — milli parlamentiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň düzümlerine hödürlenen mynasyp dalaşgärlere ses bermekleri netijesinde geçen bu möhüm syýasy çäre eziz Diýarymyzda demokratik ýörelgeleriň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gezekki saýlawlaryň ozalkylardan tapawudy dalaşgärleriň aglaba köpüsiniň ýaşlardan ybarat bolandygy şanly ýylymyzyň şygaryny has-da dabaralandyrdy. Çünki Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde, watançylyk ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly edip kemala getirmekde asylly çäreleriň ençemesini ýola goýýar. Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň hem-de Halk Maslahatynyň wekilleriniň ýaşlardan ybarat bolmagy kabul edilýän kada-kanunlaryň täze döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede işlenip taýýarlanylmagynda ähmiýetlidir. Täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna işjeň aralaşýandygyny nazara alyp, köptaraply bilimi bolan ýaşlara, ýaş hünärmenlere öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly rowaçlyklara beslenýän ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzy syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ata Watanymyzy rowaçly ösüşlere, özgerişlere besleýär, türkmen halkymyzyň abadan, parahat hem bagtyýar geljegi üçin beýik işleri, ynsanperwer hem demokratik ýörelgelere esaslanýan döwlet syýasatyny alyp barýan Milli Liderimize, Arkadagly Serdarymyza çäksiz buýsanjymyzy has hem goşalandyrýar. Goý, Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli asylly başlangyçlary uly rowaçlyklara beslensin! 

 

Narmät RAJAPOW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap hassahanasynyň 
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji 
guramasynyň başlygy.