logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Täze tehnikalar üstünlige badalga
  13.09.2020
720
Täze tehnikalar üstünlige badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistn Bitaraplygyň – mekany” ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Şol sanda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda hem gazanylýan üstünlikler barha beýgelýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi şeýle-de daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan dökün önümleriniň hem-de oba hojalyk tehnikalar bilen üpjünçilik derejesiniň ýokary derejeli bolmagy üçin ähli tagallalary edýär.

Ýurdumyzda obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilip, toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň döwrebap traktorlary, kombaýnlary we beýleki maşynlary bilen ýetirilýär. Obasenagat toplumyny tehnika we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýokary hilli önüm öndürmäge itergi berýär. Ýaňy ýakynda oba hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyry ýurdumyza gelip gowuşdy. Bu täze ob hojalyk tehnikalary pagta ýygymy möwsüminde daýhanlarymyz üçin uly goldaw hem-de şanly sene Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.   

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri hem-de ýerden bol hasyl alyp döwletimiziň oba hojalyk ulgamynyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär.

 

Описание: C:\Users\HP-2020\Desktop\DSC_0025.JPG