logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Täze ýeňil taksi awtoulaglary halkymyzyň hyzmatynda
  02.03.2023
1180
Täze ýeňil taksi awtoulaglary halkymyzyň hyzmatynda

Golaýda, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň ýene-de 530 sanysy ilata hyzmat etmek üçin ýola çykaryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýerine ýetirilýän şeýle işler awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Döwrebap taksi awtoulaglarynyň Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatynda 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem hersinde 85-si ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmaga goşant goşar.

Täze ulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler. Şäheriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde hereket edýän taksiler enjamlaşdyrylyşy we ýolagçylara niýetlenilip döredilen şertleri babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Oňaýly taksilerde ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär. Taksi hyzmaty gerek bolan ýagdaýynda, degişli telefon belgisine jaň edip, ulagy çagyrmak mümkinçiligi hem ýola goýuldy.

Belläp geçsek, taksi ulaglarynyň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna-da doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. 

 

Yhlas ORAŞOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.