logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Täze ýyl arzuwlary – dünýä ýurtlarynda
  16.12.2022
2530
Täze ýyl arzuwlary – dünýä ýurtlarynda

Täze ýyl baýramy – päk arzuwlaryň, ýaşy umytlaryň baýramy bolmak bilen, ol uludan-kiçi hemme adamlaryň söýgüli baýramçylygydyr. Maşgala baýramy bolan Täze ýylda birek-birege gowy arzuwlar edilýär, sowgatlar berilýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe adam belli bir däpdir adatlar bilen Täze ýyly garşylaýar. Dürli ýurtlarda Täze ýylda dürli arzuwlary edýärler, ýöne arzuwlar dürli bolsa-da, olary bir-birine ýagşy niýetlere, päklige, gowulyga ýugrulanlygy baglanyşdyrýar.

- Germaniýada adamlar ýylyň soňky sekuntlary sanalyp başlananda, oturgyja münmek we arzuw edip, ondan aşak bökmeklik däbini ýerine ýetirýärler.

- ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýaşaýjylar Täze ýyl gijesi Wan-Taýms-Skwer binasynyň flagştogyndan içinde arzuwlar ýazylan kagyzjyklary ýagdyrýarlar.

- Fransiýada baýramçylyk süýjüligi bişirilende, onuň hamyryna noýba dänesini goşýarlar. Eger-de şol noýba dänesi kimiň paýyna düşse, şol adamyň hem arzuwy hasyl bolar diýip umyt edýärler.

- Kanadalylar Täze ýylyň üstünlikli, şatlykly, rysgal-bereketli bolmagyny sowuk suwa düşmek bilen arzuw edýärler.

- Italiýada Täze ýylyň üstünlikli, şowly bolmagy üçin ähli köne, gerekmejek zatlary zyňmak hem-de täze ýyl gijesi diňe täze egin-eşikleri geýmek bilen arzuw edýärler.

- Bolgariýada Täze ýyl gijesi çyralary biraz wagtlyk öçürýärler. Garaňkyda ýakyn adamyňy gözläp tapmaly. Şeýlelikde, ähli arzuwlar hasyl bolarmyş.

- Braziliýada adamlar gül, şem, dürli sowgatjyklar bilen bezelen gaýyklary suwa goýberýärler. Eger gaýyk suwa çümse, onda ähli edilen arzuwlar hasyl bolar diýip umyt edýärler.

- Latwiýada adamlar sagadyň jaňlary kakylanda birek-birege şatlyk, üstünlik hem bagt arzuw edip nohut iýýärler.

- Peruda bolsa adamlar Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda köçelerde däbe öwrülen özboluşly «söweşleri» gurnaýarlar.

- Angliýanyň ilaty Täze ýylda gapyny giňräk açsaň, ähli erbetlikleriň gitjekdigine, açyk penjirelerden bolsa ähli gowulyklaryň öýe girjekdigine ynanýarlar.

- Şotlandiýada maşgala agzalary ýanyp duran pejiň daşyna üýşýärler we ýanyp duran oduň geçen ýylyň kynçylyklaryny ýakjakdygyna ynanyp, gowy arzuwlary edýärler.

- Ispaniýada Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurduň içindäki söwda nokatlarynda, dükanlarynda 12 sany däneli üzüm toplumlary satylýar. Sebäbi olarda sagadyň jaňy kakylyp durka 12 sany üzümi iýip ýetişmeli diýen adat bar. Eger iýip ýetişseler, geljek ýylda maşgalada saglyk, baýlyk, asudalyk we bagt höküm sürer diýip arzuw edýärler. 

 

Oguljan TUWAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.