logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Täze ýyl şäherçesi - «Christmas Village»
  20.12.2022
1424
Täze ýyl şäherçesi - «Christmas Village»

Dünýä ýüzünde Täze ýyl dürli-dürli bellenilýär. Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda Täze ýylyň şanyna kiçijik jaýlardan ybarat Täze ýyl şäherçesiniň (Roždestwo) sergisi  geçirilýär. Sergi ilkibaşda Protestant ybadathanasynda geçirilýär. Şondan soň halk tarapyndan halanylyp, her ýyl belli-belli günlerde Täze ýylyň öň ýanynda Täze ýyl şäherçesiniň (Roždestwo) sergisi  gurnalýar.

Täze ýyl şäherçesinde esasanam kiçijik jaýlar, sagatly diňler, galalar, arça agaçlary, garjagazlar, haýwanjyklar we ş.m. bar. Şäherçä has-da Täze ýyl ruhuny bermek üçin kiçi adamjyklar hem ýerleşdirilýär. Soňra ähli jaýlar yşyklandyrylýar we gaty owadan görnüş bolýar. Müňlerçe adamlar sergini synlamak üçin gelýärler.

Aslynda, Täze ýyl şäherçesiniň (Roždestwo) sergisi başda agaçlary ýonup ýasalypdyr. Wagtyň geçmegi bilen we tehnologiýanyň ösmegi bilen şäherçäniň ähli zatlary 3D printerlerde ýasalýar.

Birnäçe ýurtlarda Roždestwo sergisi tamamlanandan soň bu Täze ýyl şäherçesi satylýar. Ýa-da şäherçedäki kiçijik jaýlar, sagatly diňler, galalar, arça agaçlary, garjagazlar, haýwanjyklar bölekleýin satylýar.

Häzirki wagtda owadan we özüne çekiji Täze ýyl şäherçesini internet arkaly satyn almak mümkin. Olaryň agaçdan elde ýasalan görnüşleriniň nyrhy birneme gymmat, 3D printerlerde ýasalan görnüşleriniň nyrhy bolsa arzan bolýar. Täze ýylda Roždestwo şäherjigi sowgat bermek üçin iň gowy pikirdir. 

 

Aýlar ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.