logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /TDEI-de dil bäsleşigi geçirildi
  26.09.2025
1060
TDEI-de dil bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda daşary ýurt dilleri boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Diller kafedrasy tarapyndan gurnaldy we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň maksatnamasyna laýyklykda geçirildi.

 

“Garaşsyzlyk – bagtymyz” ady bilen geçirilen bäsleşikde talyplar daşary ýurt dillerinde diwar gazetlerini taýýarladylar. Talyplar bu döredijilik işine uly höwes bilen gatnaşdylar.

 

Gazetler institutyň okuw otaglarynda sergilendi. Garaşsyzlyk baýramyny wasp edýän, bezeg taýdan tapawutly gazetler bilen çykyş eden toparlar aýratyn bellenildi we ýokary baha aldy.

 

Wepa TEJENOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.