logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
  20.01.2026
439
TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ösüşlere beslenýän bedew batly Watanym» ady bilen guraldy.

 

Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýylyň şygarynyň we nyşanynyň mazmuny, türkmen bedewleriniň taryhy şan-şöhraty, türkmen bedewlerini wasp edýän rowaýatlar we birnäçe çykyşlar diňlenildi.

 

Asyrlaryň dowamynda ahalteke atlaryna goýulýan belent hormat häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Behişdi bedewler milli mirasymyzyň we özboluşlylygymyzyň aýdyň nyşany bolup durýar.

 

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ösdürmek, ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki möhüm ugurlary pugtalandyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 

Maslahatyň çäginde institutyň çeper höwesjeň talyplary Watanymyzyň parahat durmuşyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary hödürlediler.

 

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Şabibi GARAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.