logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Tebigat hadysalary bilen bagly yrymlar
  14.10.2022
2180
Tebigat hadysalary bilen bagly yrymlar

Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa, güýz hasylly bolar;

Tomsuna itüzüm miwesini bol getirse, güýz rysgally bolarmyş;

Täze dogan Aý demirgazyk tarapdan dogsa, tutuş aýyň dowamynda günler salkyn bolar, günortadan dogsa yssy bolar;

Güýzde gyşlamaga gidýän guşlar has ýokardan uçsa, gyş pasly haýal düşer, ýere golaý uçsa, gyş çalt düşer;

Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi gün howa gowy bolar;

Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi gün howa bulaşar;

Eger ekin goşadan düwse, (goşa nar, goşa hyýar we ş.m) oňa «Hydyr gören» diýipdirler;

Agşam ýere gyraw düşse, gündiz gar ýagmaz;

Awgust aýynda miwedir ir-iýmişleriň ysy bark urup dursa, güýz bereketli geler;

Gije dagyň üstünde ýyldyrym çaksa, ýagyş ertire çenli ýagar;

Gyş ýer gaty doňsa, bugdaý hasyly bol bolar;

Tomsuna haşal otlar gapdala gol ýaýratman, dikligine ösen bolsa, gyş pasly garly bolar;

Ýaz pasly ygally, tomus çygly, güýz pasly hem ýyly bolsa, gyş pasly uzak wagtlap dowam eder;

Garynjalar hininiň üstüne gum üýşürip gyşlamaga giden bolsa, gyş sowuk bolar;

Garlawaç pessaýlap uçsa, ýagyn ýagar diýlip çaklanylýar;

Güýzde durnalar uçup geçenden soň, iki hepdeden sowuk düşer;

Durnalar ir baharda dolansalar, ýaz ýagynly bolarmyş;

Towşan hinini çuň gazan bolsa, gyş pasly sowuk gelermiş;

Täze dogan Aý dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz;

Gijesine ýyldyzlar lowurdap dursa, ertesi şemalsyz açyk howa bolar;

Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar;

Soganyň gabygy galyň bolsa, gyş sowuk bolar, az gatly bolsa, gyş maýyl bolar;

Güýzüň ahyrynda çybyn köpelse, gyş ýyly boljakdygynyň alamatydyr.

 

Babajan ABDULLAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.