logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Tebigaty goramak bilen baglanyşykly okuw maslahaty geçirildi
  26.02.2025
1265
Tebigaty goramak bilen baglanyşykly okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Himiýa we himiýa tehnologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda ekologiýa bilen baglanyşykly okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň “Arassa suw we arassaçylyk” hem-de “Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak” ugurlarynyň çäklerinde guraldy.

Maslahatda “Ekologiýa terbiýesi – sagdyn durmuşyň gönezligi”, “Arassa gurşaw – sagdyn ýaşaýyş” we “Tebigat – biziň öýümiz” ýaly möhüm temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa taýdan arassa şertleriň üpjün edilmeginiň jemgyýet we saglyk üçin ähmiýetini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi