logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Tebigatyň täsinligine serediň!
  26.04.2023
1194
Tebigatyň täsinligine serediň!

Daşmy ýa-da balyk?! 

Tebigatyň täsinligine seredeniňde gaty kän gyzykly zatlar bilen tanyşmak bolar. Tebigat örän köp täsinlikleri özünde jemleýär. Göräýmäge köp zatlar başga zada meňzeýär, ýöne düýbünden pikir etmedik zadyň  bolup çykýar. Suw gurşawynda hem edil şonuň ýaly täsinlikleri görmek bolar. Ol täsinliklerden biri hem daşyndan göräýmäge daşa meňzeýän balykdyr.

Siňňili ýa-da daş balyk  ( latyn dilinde Synanceia verrucosa ) – deňziň ýyrtyjy balygy  arkasynyň zäherli teňňeleri bilen içýanşekilliler maşgalasyna degişli edilýär. Olar korol rifleriniň ýanynda agdyklyk edýär we daşyň üstünde mimikriýa geçýär. (Mimikriýa başgaça meňzeme, öýkünme ýagny daşa meňzemegi). Bu balyk dünýäniň iň zäherli balygy hasaplanýar. Bedeniniň iň ýokary uzynlygy 40 sm-e, ortaça 30 sm-e çenli ýetýär.

Planetamyzyň zäherli haýwanlarynyň arasynda suwda ýaşaýanlar köp. Zäherliligine görä deňziň balyklarynyň sanawyny düzseňiz, köp hünärmenleriň pikiriçe, daş balyklar birinji ýeri eýelär.  Ol içýanşekilliler otrýadyna degişli , köp wekilleri zäherli tikenlere we teňňelere  eýe bolmak bilen tapawutlanýar. Mysal üçin: oňat meşhury hem owadan krylatkadyr.  Ylmy dilde bu zäherli daş balygy «Synanceia verrucosa» diýip atlandyrylýar. Onuň adaty bolmadyk daşky görnüşini we ýaşaýyş durmuşyny görkezýän ýene iki ady bar. Siňňili ady  derisiniň üstünde köp sanly ösüntgileriniň bolmagy bilen baglanyşykly bolup ol siňňileri ýadyňa salýar. Örän az hereketlenýän  ýaşaýyş durmuşy we daşyň üstünde mimikriýa geçirmek ukyby bilen oňa daş balygy diýlip aýdylýar. 

Daş balyklarynyň zäheri niresinde ýerleşýär? 

Daş balygynyň arka ýüzgüjinde  12-den - 14-e çenli tikenleri, örän  ýiti şöhleleri ( teňňeleri) bar. Olaryň  ählisi ýokarsynda galyň deri bilen örtülendir we şonuň üçin görünmeýärler.  Teňňelerindäki her bir tikenlerinde zäher öndürýän iki sany mäzi bar. Şol mäzler arkaly hem daş balygy zäher öndürýär.

Eger-de daş balygynyň suratyna ünsli seretseň , ilkinji seredişde bu jandar bilen balygyň arasynda üýtgeşik meňzeşligiň ýokdygyny görüp bilersiňiz. Has köp daş balygynyň daşky görnüşi  daş-töweregi suwotylary bilen örtülen  harsaňy ýadyňa salýar.

Daş balygynyň  ýene-de bir aýratynlygy kellesine çekilen ýaly bolup duran  we mümkin boldugyça ondan  çykyp duran gözleridir. Balygyň ýüzgüçlerinde  ýiti şöhleleri bar, olaryň kömegi bilen balyk deňiz düýbünde aňsatlyk bilen hereket edýär we howp abanýan halatynda olaryň kömegi ýere çümýär. 

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.