logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Tebigy gazyň eksporty artýar
  23.10.2025
510
Tebigy gazyň eksporty artýar

Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň arasynda aýratyn orun eýeleýän “mawy ýangyç” — tebigy gaz boýunça ýurdumyzda üstünlikli işler alnyp barylýar. “Lebapgazçykaryş” müdirligi 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda 6 milliard 905 million kub metr tebigy gaz çykardy. Bu görkeziji meýilnamadan ep-esli ýokary bolup, eksport ugrunda hem üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Malaý–Bagtyýarlyk ugry boýunça 3 milliard 771 million kub metre golaý gaz geçirilip, meýilnama 135,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýylyň başyndan bäri 22 müň 791 tonna gaz kondensaty öndürilip, bu görkeziji meýilnamadan 9 göterim ýokary boldy.

 

Bu üstünlikler sebitiň “Malaý” we “Gadyn” gaz gysyjy desgalarynyň netijeli işiniň, şeýle-de gazçylaryň yhlasly zähmetiniň miwesidir. Müdirligiň işgärleri döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärler.

 

Nursähet ALLAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.