logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Tebigy ugurly dersler boýunça hepdelik geçirildi
  17.02.2023
1225
Tebigy ugurly dersler boýunça hepdelik geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde tebigy ugurly dersler boýunça hepdelik geçirildi. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan hepdelige okuwçy ýaşlar höwesli gatnaşdylar.

Hepdeligiň dowamynda gujurly ýaşlaryň tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, geografiýa, ekologiýa, oba hojalyk zähmeti okuw dersleri boýunça zehinine, ugurtapyjylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik boldy. Okuwçy ýaşlaryň taýýarlan taslama işlerine gyzyklanma aýratyn uly boldy. Bu hepdelik tejribeli mugallymlaryň döredijilikli we netijeli zähmetiniň ýerine düşýändigini hem aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Hepdelikde tapawutlanan zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy.