Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tebigy zehin, talantlylyk we geniallyk
  22.11.2023
590
Tebigy zehin, talantlylyk we geniallyk

Haýsydyr bir adamyň artykmaç, diýseň üýtgeşik başarnyklarydyr ukyplary barada gürrüň açylanda, köplenç «talant», kähalat bolsa, «geniý» diýen düşünjelerden peýdalanylýar. «Talant» sözi asly gelip çykyşy boýunça talante diýen grek sözünden bolup, ol haýsydyr bir adamyň ol ýa-da beýleki bir iş hereketlerinde ýüze çykýan aýratyn zehinliligine, üýtgeşik ukyplylygyna we başarjaňlygyna degişlilikde ulanylýar. Elbetde, her bir adamda hem ol ýa-da beýleki bir derejede tebigy zehinde, ukyp-da, başarnyk-da bar. Hatda her bir çaganyň, eger-de oňa kiçiliginden dogry bilim-terbiýe berlen ýagdaýynda, geljekde talantly adam bolup ýetişmegi üçin ýeterlik ukypdyr başarnygynyň barlygy hakynda hem ylmy maglumatlar az däl. Hut şol sebäpli‐de kähalat käbir adamlara degişlilikde «dogabitdi zehinli» diýen söz hem ulanýarlar.

 

 

Adamzat taryhynda dürli ugurlarda (ylymda, sungatda, edebiýatda, sportda, lukmançylykda we ş.m.) özüniň ýokary talantlylygy bilen tapawutlanyp, uly yz galdyran şahslar az däl. Meselem: Mosart eýýäm 4 ýaşynda simfoniýa diýlip atlandyrylýan çylşyrymly saz eserini döredip bilen belli kompozitor. Talantlylygyň aňyrsynda diňe tebigy zehindir başarnyk ýatman, eýsem, köp derejede talantlylygyň ýüze çykmagy zähmete baglydyr. Ýöne ýerden bu mesele dogrusynda gürrüň edilende, «Talantlylyk– bu 90% zähmet bilen 10% zehiniň jemidir» diýen pähim ulanylmaýar.

 


Talantlar hem durmuşda seýrek duş gelýär welin, «geniler» ýa-da «genial şahslar» diýlip atlandyrylýan topara degişli edilýän adamlar on ýyldan bir gezek dünýä inýärler. Bu maglumat tutuş dünýä möçberinde, ähli adamzat taryhynda ummasyz uly yz galdyran, iňňän uly ähmiýetli ylmy açyşlary eden, akylyňy haýran edýän sungat we edebiýat eserlerini döreden, dünýä halklarynyň taryhy ykbalyna düýpli täsir eden şahslara degişlilikde hasaplanylyp, çykarylan netije. Ýöne şol bir wagtyň özünde dünýäniň belli bir sebiti üçin, aýratyn bir halk üçin ýokary ähmiýeti bolan ylmy açyşlary edip, taryhda öçmejek yz galdyran alymlaryň-da, döreden eserleri we öňe süren taglymatlary bilen dürli halklaryň ykbalynyň oýanmagyna ägirt uly goşant goşan akyldarlaryň-da şeýle sanawa girizilmäge doly mynasyplygyny aýtmak gerekmikä öýdýäris. Mysal üçin, türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň genileriň sanawyna girizilmäge doly derejede mynasyplygy gümansyz diýip pikir edýäris.

 

 

Gülkamar ORAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.