logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  13.04.2023
738
Tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Saglyk-baýlyk» atly tegelek stoluň başynda wagyz-nesihat duşuşygy TKA-nyň Kaka etrap birleşmesinde geçirilip, oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri işjeň gatnaşdy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow açyp, hormatly Prezidentimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, şan-şöhratyny belende götermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler, ýaş nesli terbiýelemegi ugrunda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň şertler dogrusynda gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda «Arkadag Serdarly-bagtyýar ýaşlar» ýylynyň häzirki günlerinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, dabaralandyrmakda Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň we işeňňir agzalarynyň öňünde durýan wezipelere, şeýle-de ilkinji guramalarda işleri döwrebap guramagyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Çykyş edenler ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.   

 

Akmuhammet MAGTYMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Kaka etrap
birleşmesiniň 
esasy hünä
rmeni.