logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
  15.06.2023
524
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde düýbi tutulyp, açylyp ulanylmaga berlen, Tejen etrabynyň 30-njy orta mekdebinde «Altyn asyr» Türkmenistan teleradio ýaýlymy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň  biologiýa  mugallymlary bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan gök guşak syýasaty barada amala aşyrýan işleri barada has takygy miweli we saýaly baglaryň şeýle hem otag gülleriniň tebigata hem-de adam saglygyna peýdasy barada aýratyn aýdyp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda mugallymlar öz okuw sapaklarynda okuwçylara otag gülleriniň idedilişi hem-de miweli we saýaly baglaryň ösdürilip ýetişdirilişi barada orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlara ýörite okuw sapaklaryny geçip şol sapaklary esasynda hem ösümlikleriň idedilişini iş tejribesinde okuwçylara öwredýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşan bilim işgärleri ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny  hem-de bilim ulgamyny ösdürmekde döwletli işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni.