logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /TEHNIKALAR DAÝHANYŇ ARKADAÝANJY
  14.04.2020
937
TEHNIKALAR DAÝHANYŇ ARKADAÝANJY

     Gowaça ekişine badalga berilmeginiň öňsyrasynda Tejen etrabyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanasyna daýhan üçin kuwwatly tehnikalaryň täze tapgyrlary gelip gowuşdy. Munuň özi tejenli babadaýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Çünki, täze tehnikalara bu günki-gün daýhanyň arkadaýanjy bolup durýar. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bu işe dahylly hünärmenleri, tehnikalary we gurallary uly buýsanç bilen kabul etdiler. Olaryň arasynda Germaniýa döwletinde öndürilen “Class”  kyssymly tehnikalaryň 31-si, “Jon Deer” kysymly traktorlaryň 1 sanysy bar. Şeýle hem 1 sany gowaça ekiji gural bar.

       Tehniki hyzmat ediş kärhanasyna gelip gowşan täze tenikalaryň we gurallaryň arasynda gowaçalaryň hatar ara bejergi 47-niň bolmagy kärendeçileriň täze ýylyň bitginli hasyla bolan ynamyny has hem artdyrdy.

     Kärhana gelen täze tehnikalar degişli hünärmenler tarapyndan gaýtadan gözden geçirilip, tejribeli mehanizatorlara berkidildi we daýhan birleşikler ugradyldy.