Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Tehnologiýa täzeliklerinden
  31.03.2023
815
Tehnologiýa täzeliklerinden

«Apple» bir wagtyň özünde birnäçe enjamyň simsiz zarýad berilmegi üçin düşekçe çykarar 

Kompaniýa eýýäm şeýle aksessuarlary meýilleşdirdi. «Apple» bir wagtyň özünde birnäçe enjamyň simsiz zarýad berilmegi üçin entek hiç haçan çykarylmadyk garnituranyň meňzeşine öwrülmeli zarýad düşekçesiniň ösüşine gaýdyp gelmek kararyna geldi. 2017-nji ýyldaky «iPhone X»-iň geçiren çäresinde «Apple» - «Apple Watch» akylly sagady we «AirPods» simsiz gulaklyk korpusy üçin simsiz zarýad beriji bolan «AirPower»-iň çykarylandygyny habar berdi. Kompaniýanyň bu täze gurluşynda ähli enjamlar bir wagtyň özünde düşekçede ýerleşdirilip, zarýad alyp biler. 

Alymlar reňkini üýtgedýän we bakteriýalary ýok edýän emeli derini döretdiler 

Hytaýyň Dalian Tehnologiýa Uniwersitetiniň inerženerleri çig deriden ylham alan çeýe, reňk üýtgedýän emeli derini döretdiler. Bu täzeçe ösüş antibakterial häsiýetleri we aşa gyzgynlyga garşy durmaga doly ukyplydyr. Elektron deri optiki we elektrik signallaryny bir wagtyň özünde geçirmäge mümkinçilik berýän fotonik-ion ulgamyna esaslanýar. Ol laurat monogliseridiniň antibakterial molekulasyny ulanýar. Emeli deriniň fotonik nanostrukturasy daşky gyjyndyrmalara jogap hökmünde reňkini çalt üýtgedýär, netijede reňk çalt üýtgeýär we sinhron optiki we elektrik seslenme bolup geçýär. Monogliserid lauratyna esaslanan fotonik-ion derisi gram-pozitiw bakteriýalary we kömelekleri doly diýen ýaly ýok edip, protez ýaly lukmançylyk goşundylary üçin amatly bolup biler. Gözlegçiler deriniň optiki häsiýetlerini agyr şertlerde goramak üçin pes doňma nokady bolan «PEG200» antifrizini hem girizdiler. Bu innowasion emeli deriniň ösmegi lukmançylyk ylmynda täze-täze mümkinçilikleri açar. 

«Huawei» temperaturany we ýürek urgusyny ölçäp bilýän gulaklyk çykardy 

Huawei, ýürek urşy we bedeniň temperaturasyny ölçemek bilen dünýäde ilkinji «FreeBuds Pro 2+» gulaklyklaryny çykardy. Şeýle hem onda sesiň hili-de gowy. «Huawei FreeBuds Pro 2+» gulaklygy goşa tertipli ýürek urşy ölçeýän datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, bu akylly gurluş temperaturany ölçemek algoritmini hem goldaýar. Enjam özüne birikdirilen smartfona adaty ýürek ritmleri barada habar ibermäge mümkinçilik hem berýär. «FreeBuds Pro 2+» 11 mm draýwer bilen enjamlaşdyrylan, bu ýerde pes ýygylyklar 14 GHs-e ýetýär. Şeýle hem işjeň sesiň ýatyrylmagy üçin goldaw bar (47 dB çenli). Mundan başga-da bu gulaklykda birnäçe ses üýtgetmek tertibi, konsert zaly, ses teatry we kinosy bar. 

«Samsung» ýakyn wagtda çeýe ekranly smartfonyň täze görnüşini çykarar 

«Samsung» şu ýylyň ahyrynda üç sany ýokary derejeli smartfon çykarar diýlip garaşylýar. Olaryň ikisiniň «Galaxy Z Flip 5» we «Galaxy Z Fold 5» bolmagy ähtimal. Üçünji enjamyň bolsa «Galaxy S23 FE» bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, indi munuň beýle däldigi barada maglumat bar we Samsung täze eplenýän smartfon çykaryp biler. Çeşmelere görä, täze «Samsung» smartfony üç bölege bölüner. Ol iki çeňňek görnüşli mehanizmi bilen çeýe OLED ekrany bilen üpjün ediler. «Samsung Display» birnäçe ýyl mundan ozal üç gezek OLED ekrany görkezipdi we bu täze enjamda hem şol paneliň kämilleşdirilen görnüşi ulanylyp bilner. 

 

Mämmetdurdy MÄMMETDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.