logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Agriculture /Tejen daýhan birleşiginde pagta möwsümi dowam edýär
  08.11.2023
659
Tejen daýhan birleşiginde pagta möwsümi dowam edýär

Ýakynda etrabymyzyň çägindäki Tejen daýhan birleşiginde pagta ýygymy möwsümini alyp barmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu duşuşyga Tejen daýhan birleşiginiň  jogapkär işgärleri, mehanizatorlar, bejeriji ussalar, daýhanlar gatnaşdylar.

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli  pudaklary bilen bir  hatarda oba-hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwletimiz  oba-hojalygyny ösdürmek, onuň maddy tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada uly alada edýär, beýleki  oba-hojalyk  ekinleri  bilen  birlikde, gowaça ýetişdirmekde we ýygnamakda hem edermen daýhanlarymyzyň has netijeli işlemekleri,toprakdan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.Türkmen  halkymyzyň dilindäki “Jüýjäni  güýz  sanaşmak” diýen aýtgynyň esasynda-da, asly babadaýhan milletimiziň ýylboýy çeken  zähmetiniň netijesini bu pasylda görýändigi bilen baglanyşyklydyr.

 

 

Tejen  etrabynyň  daýhan  birleşikleriniň  kärendeçi  daýhanlary,  köp  zähmet  siňdirip  ýetişdirilen  bol  hasyly  ýitgisiz  ýygnap  watan  harmanyna  tabşyrmak  ugrunda  jan  aýaman  zähmet  çekýärler. Şu günler  “ak  altynly”  pellerde  pagta  ýygymy  sazlaşykly  we  güýçli  depginde  dowam  edýär. Pagta  ýygymynyň  guramaçylykly  geçirilmeginiň  köp  derejede  tehnikalaryň  bökdençsiz ,öndürijilikli  işine  baglydygy  hemmelere  mälimdir.

 

 

Duşuşyga gatnaşanlar bize şeýle ajaýyp durmuşda zähmet çekip işlemäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

 

 

Bägül Gurbanowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň  kätibi.