logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen etrabynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  19.05.2023
870
Tejen etrabynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ýakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli  Tejen etrabynyň  «Bagt ýoly» toý mekanynda   Tejen etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda  «Arkadagly Serdaryň saýasynda belentde parlaýar Berkararlyk baýdagymyz!» we «Türkmenistanyň Konstitusiýasy Berkarar döwletimiziň bagt kanunydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän  raýatlar   gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň Garaşsyz, Bitarap watanymyzy wasp edýän aýdymlary, çagalar sungat mekdebiniň tans toparlarynyň görkezen tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin ajaýyp sazlary, sahna wäşileriniň şadyýan çykyşlary  baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri.