logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi
  10.03.2024
499
Tejen etrabynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Tejen etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda Tejen etrabyndaky Tejen şäher Medeniýet öýünde 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu baýramçylyk dabarasyna etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar hem-de kümüş saçly mährem enelerimiz gatnaşdylar.

 

 

Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda  etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary, çagalar we ýetginjekler öýüniň tans topary, etrap sungat mekdebiniň skiripkaçylary hem-de deprekçileriniň şeýle-de sahna wäşileriniň eden çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da belende göterdi.“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň” şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlarynyň waspy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen zenanlaryna  goýýan uly sarpasy hem-de zenanlara döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri dogrusynda baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler uly buýsanç bilen bellediler. Şatlyk-şowhuna beslenen bu baýramçylyk dabarasyna  gatnaşýan gelin-gyzlarymyzyň hem-de kümüş saçly enelerimiziň her birinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 

 

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan zenalarymyza Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan ähli türkmen halkymyzyň zenanlaryna gutlag sözleri hem-de bagtyýar zenanlarymyza çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözleri beýan edildi.

 

Maral Akyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
esasy hünärmeni, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy