logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /TEJEN ETRABYNDA HASYL TOÝY DABARALARA BESLENDI
  09.11.2019
1210
TEJEN ETRABYNDA HASYL TOÝY DABARALARA BESLENDI

     Ýurdumyzda pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Рagtanyň öz miwesini bermegini gazanmak üçin döwlet tarapyndan yzygiderli aladalаr edilýär. Tejen etrabynyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna “Аk-altynyň” bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrýarlar. Bu ýyl hem Tejen etraby noýabr aýynyň başyna meýilnama boýunça göz öňüne tutan pagta hasylyny ýetişdirip, döwlet harmanyna tabşyrdylar we bu sene dabaralara beslendi.

         Şunuň bilen baglanşykly Tejen etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda Tejen şäherindäki medeniýet öýünde “Hasyl toýy” aýdym-sazly medeni köpçülikleýin çäresi geçirildi we pagta hasylyny ýetişdirmekde tapawutlanan daýhanlara sowgatlar gowşuryldy. Bu dabara gatnaşanlar Tejen etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň, artistleriniň, tans toparlarynyň we çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparlarynyň çykyşyna tomaşa etdiler. Soňra medeniýet öýüniň zalynda “Ak altyn” bilen baglanşykly sergi geçirildi.