Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi
  04.07.2025
488
Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tassyklan iş meýilnamasy esasynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler hem-de zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki  howpsyzlyk  we  zähmeti  goramak  baradaky  gözegçileri  hem-de etrap birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Handurdyýew Baýram, tehniki gözegçisi Annanyýazow Şamuhammet dagylar çykyş etdiler. 

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleri we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler hakynda we zähmet çekýän raýatlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyny berkitmek barada hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş resminamalarynyň ýöredilişi, kärhanada zähmet çekýän zähmetkeşleriň zähmetiniň, hukuklarynyň goralyşy, agzalyk şahadatnamalaryň tutulyşy hem-de “Köpçülikleýin şertnamalaryň” baglaşylyşy barada giňişleýin belläp geçdiler. Okuw maslahatyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki gözegçileri we işewürleri şu güne çenli ýerine ýetirilen işler barada özara pikir alyşdylar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri we Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kodeksini işläp geçmek maksady bilen zähmetkeşleriň arasynda zähmeti goramak, döwrüň talabyna laýyk iş we dynç alyş şertlerini döretmek barada  pikir alyşdylar.  

 

Bägül Gurbanowa
Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň 
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap  
birleşmesiniň  esasy  hünärmeni