logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Sports /Tejen etrabynda küşt we şaşka boýunça sport ýaryşy geçirildi
  18.04.2024
648
Tejen etrabynda küşt we şaşka boýunça sport ýaryşy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynda „Sagdynlyk we bagtyýarlyk“ atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäresi ýagny, orta mekdeplerde bilim alýan 9-10-njy synp okuwçy gyzlaryň arasynda sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.


 

Sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygynyň çäginde geçirilýän ýaryşy Tejen etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýatynyň Tejen etrap bölüminiň bilelikde gurnamagynda „Sagdyn zenan-bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr“ atly şygar astynda geçirildi.
 

 

Ýaryşa Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki sport mekdebiniň, etrabyň sport mekdebiniň toparlary hem-de orta mekdeplerde bilim alýan 9-10-njy synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.


 

Emin agzalaryň adalatly baha bermeginde ýaryşyň ýeňijileri saýlandy. Netijede Tejen etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary I orna,  etrabyň 41-nji orta mekdebiň topary II orna, etrabyň 8-nji orta mekdebiniň topary III orna mynasyp boldular.
 

 

Ýaryşyň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
 

 

Maral Akyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy