logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda «Merdana nesil — 2022» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi
  12.11.2022
770
Tejen etrabynda «Merdana nesil — 2022» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi

Tejen etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Merdana nesil — 2022» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim we medeniýet bölümleri tarapyndan guramaçylykly ýagdaýda geçen bäsleşige mekdebara saýlama tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy.

Owadan sahnany Watanymyzyň merdana nesliniň — zehinli çagalaryň joşgunly çykyşlary bezedi. Bäsleşigiň şertleri esasynda olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, çeper okaýyşlary we degişme sahnalary göwün göteriji duýgulary döretdi.

Okuwçy oglanlar çykyşlarynyň üsti bilen gözel Watanymyza, Arkadagly döwrümize, bagtyýar çagalyga bolan söýgüsidir buýsanjyny beýan etdiler. Bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan çagalar ýüze çykaryldy. Şeýlelikde, 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Sapargeldi Ylýasow birinji, 6-njy orta mekdebiň okuwçysy Umyt Sapargylyjow ikinji, 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Daýanç Orazmyradow üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.