Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Sport /Tejen etrabynda mugallymlaryň arasynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi
  15.09.2023
285
Tejen etrabynda mugallymlaryň arasynda mini-futbol boýunça ýaryş geçirildi

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny dabaralandyrmak we Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 30-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça  geçirildi.

 

 

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi.

 

Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda ýer eýeleri  netijeli oýun görkezip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 36-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 42-nji mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Myrat Çaryýew
Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy