logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Agriculture /Tejen etrabynda pagtaçylara bagyşlanan konsert geçirildi
  19.09.2023
839
Tejen etrabynda pagtaçylara bagyşlanan konsert geçirildi

Şu günler  “ak altynly” pellerde pagta ýygymy sazlaşykly we güýçli depginde dowam edýär. Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň köp derejede kombaýlaryň bökdençsiz, öndürijilikli işine baglydygy hemmelere mälimdir.

 

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň  hem-de Tejen etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda, Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň Pagta meýdanynda günorta arakesme wagtynda “Armaweriň pagtaçylar” ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyç çäresi geçirildi.

 

Medeniýet hem-de sungat  ussatlarynyň görkezen çykyşlary  zähmetkeşleriň has-da erjel hyjuwly işläp zähmet üstünliklerini gazanmaga  höweslendirdi. Tejen daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary, köp zähmet siňdirip ýetişdirilen bol hasylyny  ýitgisiz ýygnap watan harmanyna tabşyrmak ugrunda  jan aýaman zähmet çekýärler.

 

Edermen babadaýhanlar  şeýle ajaýyp durmuşda işlemeklikde, zähmet çekmeklikde döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlarynyň sag, başlarynyň dik tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat Jumaýew
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri