logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda Tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik  gurnaldyy
  23.01.2024
556
Tejen etrabynda Tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik  gurnaldyy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” her bir güni toý-baýramlara beslenýär.  Bitarap, Garaşsyz  Türkmenistan  Watanymyzda taryhda yz goýan şahsyýetlere, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  saýasynda ägirt uly hormat, sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasynda joşup çykan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy hem beýik şahsyýetlere sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär.

 

 

Ýakynda  Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Tejen etrap Geňeşiniň  bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Bitaraplygymyzyň 28-ýyllygynyň öňi syrasynda,Tejen etrabynyň 27-nji orta mekdebinde “Şahyrym sen dünýäň bir akyldary, okaýar kitabyň halklaryň bary...”   ady bilen etrabyň çägindäki orta mekdeplerde zähmet çekýän Türkmen-dili we edebiýat dersinden şeýle hem taryh dersinden bilim berýän  halypa  mugallymlaryň  gatnaşmagynda   tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.

 

 

Tegelek stolyň başyna ýygnanyşan mugallymlar  XVIII   asyryň  akyldar şahyry Magtymguly pyragynyň ömür ýoly, döredijiligi,   pyragynyň öňe süren, watançylyk,  gahrymançylyk   öwüt-nesihat, dostluk temada ýazan goşgularynyň many-mazmunynyň çuňlygy, barada gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de mugallymlar bilim berýän ugurlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri barada pikir alyşdylar.

 

 

Mugallymlar söhbetdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesillere bilim, terbiýe bermek üçin  ähli mümkinçilikleri döredip berýän  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz mninnetdarlygyny bildirdiler.

 

 

Aýsoltan Öwezowa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.