logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda türkmen zenanynyň mertebesi barada söhbetdeşlik geçirildi
  16.09.2023
529
Tejen etrabynda türkmen zenanynyň mertebesi barada söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap  birleşmesi  hem-de  Türkmenistanyň  zenanlar  birleşiginiň  Ahal  welaýat  Tejen  etrap  zenanlar  bölüminiň  bilelikde   gurnamagynda   Türkmen  zenanyna  mahsus  bolan  milliligimizi,  edep-terbiýe, keşde-gaýma, haly  sungaty  hem-de  enelerimiziň  durmuş  tejribesi  barada  Tejen  etrabynyň  Garryçyrla oba  medeniýet  öýünde  söhbetdeşlik  geçirildi. Oňa  zenanlar  guramasynyň işjeň  agzalary  gatnaşdy.

 

Türkmen zenanlary nepis halylary dokamak,keçe basmak,alaja işmek,milli nagyşlary döretmek sungatyny kämilleşdirip biziň günlerimize ýetirdiler.Biziň zenanlarymyzyň dokan türkmen el halysy hem-de nepis nagyşly kürtesi,alajasy,dakynýan şaý –sepleri bilen dünýä bellidir,bu bolsa biziň buýsanjymyzdyr.Türkmen zenany edep ekramy,gözelligi,milli egin eşikleri, asyllylygy ýol-ýörelgeleri bilen tanalýar.Türkmen zenanynyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk we keşdeçilik sungatlarynyň ylmy esasda öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň iň gowy gylyk-häsiýetleri,başarnyklary,eneleriň mähirli bakyşy,yhlasy aladasy barada hormatly Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly  ajaýyp eserinde belläp geçdi.

 

Türkmenistanyň zenanlary täze-taryhy eýýamy döredijiler, tutanýerli zähmetkeşler, olar milletimiziň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek bilen döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.    

 

Söhbetdeşligimiziň  ahyrynda  Türkmen zenanlarymyza hormat goýýan bize däp-dessurlarymyzy, milliligimizi gaýtaryp beren Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etýäris  diýip  bellediler.

 

Bägül  Gurbanowa
Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň
Ahal  welaýatynyň  Tejen  etrap
birleşmesiniň  işgäri,
Zenanlar guramasynyň işjeň  agzasy