logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Tejen etrabynda woleýbolyň etrap tapgyry tamamlandy
  05.12.2023
895
Tejen etrabynda woleýbolyň etrap tapgyry tamamlandy

Ýakynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII spartakiadanyň etrap tapgyrynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş tamamlandy. Tejen etrap bilim bölüminiň gurnamagynda  geçirilen ýaryş etrabyň  sport mekdebiniň zalynda geçirildi.Ýaryşa etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem ýakyndan ýardam berdiler.

 

 

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglan gyzlary gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi.

 

 

Oglanlaryň arasynda geçen bäsleşigiň ahyrynda oňat taýynlykly gelen 42-nji orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 35-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 15-nji mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar.

 

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlaryň okuwçylaryna ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat haty gowşuryldy.

 

 

Myrat Çaryýew,
Ylym we bilim işgärleriniň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.