logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Tejen etrabynyň Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  02.06.2023
903
Tejen etrabynyň Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Tejen etrabynyň Awtoulag kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň gurnamagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler Ýurdumyzyň her bir gününiň toý baýramlara, ösüşlere, şanly wakalara beslenýändigini birin-birin belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatlarynyň gözbaşynda Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, raýatlarymyzyň   ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aladalarynyň durandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz zähmetkeşleriň esasy maksady  Hormatly Prezidentimiziň buýruklaryny, kararlaryny, tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirip  päk ýürek bilen zähmet çekmek esasy wezipämiz bolup durýar diýip bellediler.

Çykyşlaryň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag-başlarynyň dik tutýan tutuly işleriniň mundan beýläkde rowaç almagyny arzuw etdiler. 

 

Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.