logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen etrabynyň maldarlary 6020 baş ene dowardan 5610-dan gowrak owlak-guzy aldylar
  13.04.2022
1019
Tejen etrabynyň maldarlary 6020 baş ene dowardan 5610-dan gowrak owlak-guzy aldylar

Tejen etrabynyň maldarlary hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dowarlardan owlak-guzy almak babatdaky meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Etrabyň maldarlary 6020 baş ene dowardan owlak-guzynyň 5610-dan gowragyny almagyň hötdesinden geldiler. Bu gün täze owlak-guzular giň ýaýlalara ýaraşyk goşýar.

Häzirki wagtda Tejen etrabynyň Ö.Japarow adyndaky, «Babadaýhan», «Agalaň», «Tejen» daýhan birleşiklerinde täze owlak-guzularyň sagdyn ösmegi, şeýle-de ene mallaryň sagdyn bolmagy ugrunda öwgä mynasyp işler alnyp barylýar. Agzalan daýhan birleşiklerdäki weterinar lukmanlar çopan goşlaryna aýlanyp, maldarlara degerli maslahatlaryny berýärler.