logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  29.03.2023
721
Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde ýaşlaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesligini we gymmatyny düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap prokuraturasynyň, etrap harby wekilliginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji synpynda okaýan oglanlar gatnaşdy.

Duşuşykda il sylagly ýaşulularyň we kümüş saçly eneleriň çykyşlary aýratyn uly dykgat bilen diňlendi. Olar öz çykyşlarynda orta mekdebi tamamlap gelýän okuwçy oglanlara watansöýüjilik bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.