logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  24.04.2022
1011
Tejen etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda türkmeniň milli däp-dessurlaryny, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna etrabyň edara-kärhanalarynda, saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Geçirilen duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Edilen çykyşlarda ýurdumyzy gurşap alan özgertmeler, durmuş ugurly syýasata laýyklykda alnyp barylýan guwandyryjy işler, maşgalalaryň bagtyýarlygy ugrundaky tagallalar barada söz açyp, asylly ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy öwüt-ündew etdiler.