logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Tejen etrabynyň sport mekdebinde «Ýaşlar we sport» ady bilen duşuşyk geçirildi
  11.08.2023
682
Tejen etrabynyň sport mekdebinde «Ýaşlar we sport» ady bilen duşuşyk geçirildi

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň sport mekdebinde «Ýaşlar we sport» ady bilen duşuşyk geçirildi.  

 

Tejen etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan bu duşuşyga ýaş türgenler gatnaşdy.

 

Duşuşykda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşine, sagdyn durmuş ýörelgesine berilýän ähmiýet dogrusynda gürrüň edilip, bu ugurdaky tagallalar ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi babatdaky aladalardan gözbaş alýandygy aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesillerimiziň bagtly geljegi hakynda edýän aladalary barada giňişleýin durup geçdiler.