logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Tejen etrap bilim bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  12.05.2022
966
Tejen etrap bilim bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Tejen şäher häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda etrabyň bilim bölüminde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna, bilim bölüminiň hünärmenleri hem-de mekdep müdirleri gatnaşdy.

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy Tejen şäheriniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Duşuşygyň esasy maksady bilim ojaklarynda arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmegi gazanmakdan ybarat boldy.

Duşuşykda çykyş edenler mekdeplerde çagalar bilen geçirilýän terbiýeçilik işlerinde saglygyňy gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şahsy arassaçylygyň kadalaryny doly berjaý etmek bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigini belläp geçdiler.