logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  22.11.2022
963
Tejen şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Tejen şäherindäki 11-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda geçen duşuşygy hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilelikde gurady.

Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilip berilýän mümkinçilikler barada belläp geçdiler. Şeýle hem gadymdan gelýän däp-dessurlarymyz, milliligimiz hakynda söz açýan täsirli çykyşlar edildi. Duşuşygyň ahyrynda Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.