logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Tejen şäherinde kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  18.01.2024
843
Tejen şäherinde kiçi futbol ýaryşy geçirildi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň halka, Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sporty halkyň arasynda ösdürmek maksady bilen Tejen şäherindäki sport mekdebiniň futbol meýdançasynda sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

 

 

Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda toparlaryň arasynda bije atylyp , her toparyň arasynda oýun aýlaw görnüşinde geçirildi.  Çekeleşikli geçen ýaryşda Tejen sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan bellenen emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşda Tejen Karbamit zawodynyň topary 1-nji orna, Tejen sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 2-nji orna, Tejen etrap bilim bölüminiň topary 3-nji orna mynasyp boldular.

 

 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary hem-de Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Gurbanmyrat Jumaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.