logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Tejen we Dänew etraplarynda ilata boş iş orunlary hödürlener
  05.11.2022
972
Tejen we Dänew etraplarynda ilata boş iş orunlary hödürlener

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň we Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri ýerli ilata üçin boş iş orunlarynyň hödürleniş çärelerini guraýarlar.

Tejen etrabynda 11-nji noýabrda, etrabyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda (Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy) sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Dänew etrabynda bolsa 22-nji noýabrda, etrabyň Parahat geňeşliginiň Parahat obasynyň M.Saburow köçesiniň 11-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet öýüniň binasynda sagat 11:00-dan 13:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.