logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Tejende ak altyn ussatlarynyň “armasy” ýetirildi
  11.10.2023
728
Tejende ak altyn ussatlarynyň “armasy” ýetirildi

Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň çäginde ak altyn ussatlarynyň armasyny ýetirmek maksady Tejen etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda jemgyýetçilik guramalarynyň we etrap medeniýet bölüminiň gurnamagynda günorta arakesmesi wagtynda meýdan düşelgesi gurnaldy.

Bu arakesmä il sylagly ýaşulylar, mehanizatorlar, kärendeçiler gatnaşdy. Medeniýet işgärleriniň çykyşlary, aýdymdyr-sazlaryň ýaňlanmagy bu arakesmä gatnaşanlary belent ruha besledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden çykan kitaplarynyň sergisi gurnaldy. Şeýlede ýurdumyzda bitýän melhem çaýlar hödürlenildi.

Tejen etrap jemgyýetçilik guramalary tarapyndan kärendeçilere, mehanizatorlara, daýhanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Täzegül Hommodowa
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Tejen etrap komitetiniň esasy hünärmeni