logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /“Tejenkarbamid” zawodynyň durky täzelenýär
  24.09.2021
1357
“Tejenkarbamid” zawodynyň durky täzelenýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserne degişli, “Tejenkarbamid” zawody, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşýan zawodlaryň biri hasaplanylýar. Zawod diňe bir ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna gerekli dökünler bilen üpjün etmän, daşary ýurtlara eksport edýändigini aýratyn bellemek gerek. Şol sebäpli, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzyň karbamid önümlerine islegleriniň artyp başlamagy, bu pudagyň döwrabaplaşmagyny we önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.    

Häzirki wagtda ýurdumyzyň karbamid zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we onuň eksport mukdaryny artdyrmak ugunda degişli işler alnyp barylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça maýa goýmak hem-de onuň üçin öndürijilik goşmaça önüm bilen hasaplaşmak baradaky teklipler öwrenildi.

Ýurdumyzyň himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilmeginiň hem-de doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagynyň zerurdygy bilen bagly, “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ýakyn wagtda şertnama baglaşylar.

Bu işleriň ählisi, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösmegine we döwrebaplaşmagyna aýratyn uly ýardam berer hem-de pajarlap ösýän ykdysadyýetimiziň mizemez binýadyna öwrüler.