logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Telefonyň döwülmeginiň öňüni alýan daşlyk
  07.10.2022
1748
Telefonyň döwülmeginiň öňüni alýan daşlyk

Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen akylly telefonlarymyz biz üçin örän möhüm bolup durýar. Hiç kim onuň döwülmegini islemeýän bolsa gerek. Şeýle-de bolsa käte tötänlikde akylly telefonlarymyzy elimizden gaçyrýarys. Netijede, olar döwülýär we ulanylmaz ýaly ýagdaýa gelýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin bize «Philip Frenzel» kömek edip biler.

«Philip Frenzel» telefon daşlygy, Germaniýanyň Aalen uniwersitetinde inžener Philip Frenzel tarapyndan ýasalýar. Philip Frenzel bu ýasan daşlygy üçin möhüm baýraklaryň birnäçesini alýar. Telefon elden tötänlikde gaçan badyna, ýere degmänkä daşlygyň 4 sany gorag aýajyklary açylýar. Netijede, bu gorag aýajyklar telefony doly ýagdaýda goraýar we döwülmeginiň öňüni alýar.

Aalen uniwersitetiniň inženeri Philip Frenzel bu daşlygy ýasamazdan ozal, bu telefon daşlygy üçin howa ýassygyna meňzeş dizaýn hakda pikir edipdir. Emma soňlugy bilen bu dizaýnyň känbir peýda bermejekdigini pikirlenip, has oňat häzirki dizaýny döredipdir.

Daşlyk telefon elden gaçandan soň hem diňe bir gezek däl eýsem birnäçe gezek ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin etmeli ýekeje zat, daşlygyň daşyna çykan 4 sany gorag aýajyklaryny epläp içine salmak bolup durýar.

 

Medine ILAMANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa 
fakultetiniň talyby.