logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Telekeçilere Arkadag şäherinden ýer berilýär!
  24.02.2023
1221
Telekeçilere Arkadag şäherinden ýer berilýär!

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan senagat zolagyndan telekeçilere ýer berilýär. Ýer almaga isleg bildirýänler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýüz tutup bilerler.

Bu barada, 18-nji fewralda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek meselesi barada durup geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekip, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini şeýle hem häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän tikinçilik, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrjakdygyny belläp geçdi.