logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Telekeçilere giň ýol açylýar
  23.08.2020
790
Telekeçilere giň ýol açylýar

     Garaşsyz, hemişelik Türkmenistan Watanymyzda orta we ýokary telekçiligi ösdürmeklige iňňän uly üns berilýär. Ak bazarlary, dükanlary azyk önümleri we iş orunlary bilen üpjün etmekde, telekeçiler, işewür zähmet adamlary yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Olar öndürjilikli zähmet çekip, halky isleg bildirilýän harytlar bilen üpjün edýärler. Şeýle telekeçileriň arasynda Tejen etrabynyň Zaman obasynda ýerleşýän “Miras” hususy kärhanasynyň telekeçi-işewürleriniň çekýän zähmetleri hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

       Bu hususy kärhanana 2015-nji ýylda açylyp, ak bazarlary towuk eti bilen üpjün edýär. Onuň ýyllyk kuwwatlygy 2 müň tonnadan gowrak towuk etini halk köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hususy kärhana özüniň ideg edýän towuklaryny ot-im bilen üpjün etmek barada hem ýakyndan aladalanýar. Şol maksat bilen bu kärhananyň ýanynda 2019-njy ýylda ýörite im taýýarlaýan bölümi açyldy. Munuň özü-de kärhananyň ýerli ilaty iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly mynasyp goşant goşýandyklaryny aýtsak has hem ýerlikli bolar.

     “Miras” hususy kärhanasynda öndürilen önümleri diňe bir Tejen etrabynyň çäginde däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly isleglere eýedir.